Şypasy-da bar, sapasy-da

Şypasy-da bar, sapasy-da

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň «Şatlyk» keseliň öňüni alyş şypahanasy kyrk ýyldan köpräk wagt bäri ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň işgärleri bilen birlikde, ähli künjeklerden gelen dürli ýaşdaky adamlara hyzmat edip gelýär.

Garagum derýasynyň gyrasynda ýerleşýän bu şypahana bäş gektara golaý meýdany tutýar. Onuň çäginiň tutuşlygyna saýaly hem miweli baglar, dürli güller bilen gurşalmagy bu ýerde amatly, jana ýaramly howa gurşawyny emele getirýär. Bu dynç alyş hem saglygy dikeldiş edarasy her tapgyrda bir ýüz dört adamy kabul edýär. Özüniň zähmet rugsady wagtynda şypahana gelýän her bir adam ilkinji günden lukmanlaryň hem şepagat uýalarynyň üns-aladasy bilen gurşalyp alynýar. Olar ýaşamak, dynç almak üçin amatly şertleri bolan otaglara ýerleşdirilip, lukmançylyk hyzmatlary ýola goýulýar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl