Habarlar RSS
15f994d502827c.jpeg
Türkmenistan we Owganystan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ymtylýar
29.10.20 - 11:03

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Administratiw edarasynyň başlygy Mohammad Şaker Kargar bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly geçiren duşuşygynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň meseleleri maslahatlaşyldy, diýlip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.


15f980472e9999.png
Hünär — ömrüň bezegi
27.10.20 - 16:27

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 15-nji başlangyç hünär okuw mekdebi şäheriň owadan binalar toplumynyň birinde ýerleşýär. Hünärler ojagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýän nebitgaz toplumynyň, şeýle-de beýleki pudaklaryň edara-kärhanalary üçin gerekli hünärleri uly höwes bilen öwrenýän ýaş ýigitler we gyzlar okaýarlar.


15f98f95b30e3d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti halkara nebitgaz forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
28.10.20 - 09:54

«Sizi «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly XXV halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän bu halkara maslahatyň işine uly üstünlikleri arzuw edýärin!» - diýlip, Aşgabatda geçirilýän ugurdaş sergä gatnaşyjylara Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagynda aýdylýar.


15f9803e86d0db.png
Balkanly gazçylaryň batly gadamlary
27.10.20 - 16:26

Balkan welaýatynyň ilatly nokatlaryny üznüksiz gaz akymy bilen üpjün etmekde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň kärhanalary uly işler alyp barýarlar hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuny mynasyp sowgatly garşylamak üçin şu günler iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar.


15f97d456c4026.png
OGT – 2020 işewürler forumynyň geçirilmegi Türkmenistan bilen halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam eder
28.10.20 - 11:51

28-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp, «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020» (OGT-2020) XXV halkara maslahaty öz işine başlar.


15f98036fa455c.png
Türkmen polietilenine ýokary isleg
27.10.20 - 16:24

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) Gyýanlydaky polimer zawodynyň öndürýän polietileniniň satuwlary ep-esli artdy.


15f965eb9705b4.jpeg
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary 2021-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti kabul edildi
27.10.20 - 16:35

Şenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on ikinji maslahatynda deputatlar “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanunyň taslamasyna garadylar we degişli Kanuny kabul etdiler.


15f965df572e5f.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
26.10.20 - 10:34

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 80-si hasaba alyndy.


15f92a41075d79.jpeg
Seýdiniň NGIZ-de ýanwar-sentýabr aýlarynda 338,9 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi
26.10.20 - 10:36

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda şu ýylyň geçen dokuz aýynda 338,9 müň tonnadan gowrak çig mal getirildi, şolardan 151,1 müň tonnasy çig nebit, galany – gaz kondensaty. Şunda meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 103%-e deň boldy.


15f8e84886e75d.png
«Gazojak» şypahanasy halkyň hyzmatynda
20.10.20 - 11:32

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirligine degişli bolan «Gazojak» şypahanasynda ynsan saglygyny goramakda uly işler alnyp barylýar.


15f9112ad1ed36.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygynyň orunbasaryny belledi
22.10.20 - 16:10

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Bezirgen Sähedowiç Berdiýew «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygynyň buraw işleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.


15f8e84055b18a.png
Ýokary hilli koks öndürilýär
20.10.20 - 11:30

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýokary hilli nebit önümlerini öndürip, dünýä bazarlarynda uly at-abraýa mynasyp bolmagyna saldamly goşant goşýan 2-nji sehi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny uly üstünliklere besleýär. TNGIZT-niň 2-nji sehi üç desgadan ybarat bolup, olarda jemi 136 işçi arman-ýadaman zähmet çekýär. Bu sehde senagat ulgamynda giňden ulanylýan, «gara altyndan» alynýan ýokary hilli koksuň iki görnüşi —– jemlenen we ýakylan koks öndürilýär.


15f911258c58f1.jpeg
Türkmenistan bilen BAE-niň hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki komitetiniň mejlisinde durnukly energetikany ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy
22.10.20 - 16:09

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni geçirilen üçünji mejlisinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.


15f8e836faecaa.png
Halypa sarpasy
20.10.20 - 11:27

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň ýokary hünär derejeli mugallymy, ylymlaryň kandidaty Jumadurdy BAÝMYRADOW özüniň zähmet ýolunyň kyrk bäş ýylyny hormatly hem arzyly mugallymçylyk kärine bagyşlady. Ol indi on üç ýyl bäri ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamy üçin ýörite orta hünärli hünärmenleri taýýarlaýan şu bilim ojagynda mugallym bolup işläp gelýär.


15f9011f023c75.jpeg
TNGIZT-de möhüm energetiki taslama durmuşa geçirilýär
22.10.20 - 16:08

Häzirki wagtda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň sentýabrynda Balkan welaýatyna saparynyň çäklerinde başyny başlan energetika taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar.