Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG ýurtlary bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip etdi
03.09.25 - 11:281-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti: Hytaý bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk mundan beýläk hem ösdüriler
02.09.25 - 15:46Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk dowam eder we ösdüriler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň öň ýanynda “Ženmin Žibao” gazetinde makalasynda beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy
02.09.25 - 15:4531-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hem-de Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar diýip, TDH habar berýär.
«Ýaşyl» ykdysadyýet durnukly ösüşiň möhüm ugrudyr
02.09.25 - 09:05Daşky gurşawy goramak babatynda döwlet syýasatynyň strategik maksady ähli ýerde «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerini ornaşdyrmagyň we tebigy ulgamlary mümkin bolan derejede saklap galmagyň esasynda jemgyýetiň we raýatlaryň ýaşaýşy we işi üçin ekologiýa taýdan amatly şertleri üpjün etmek bolup durýar
Nebitgaz toplumynda ýylyň sekiz aýynyň jemlerine garaldy
30.08.25 - 19:02Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda sekiz aýda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 29-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hökümet mejlisinde 2025-nji ýylyň sekiz aýynda ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijelerine seredildi
30.08.25 - 16:5929-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň sekiz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.
Russiýa we Türkmenistan logistiki we energetiki taslamalary ösdürmegi meýilleşdirýär - Lawrow
30.08.25 - 16:55Russiýa bilen Türkmenistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda ulag-logistika we energetika taslamalary ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr diýip, RF-niň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleri boýunça Interfaks aýtdy.
Raşid Meredow: Aşgabat we Moskwa sebit formatlaryny berkitmek üçin bilelikde ähli tagallalary edýärler
30.08.25 - 16:56Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow metbugat ýygnagynda russiýaly kärdeşi Sergeý Lawrow bilen Hazar meselelerini ara alyp maslahatlaşandygyny, olara sebitiň döwletleriniň iň gysga wagtda seredip başlajakdygyny mälim etdi diýip, TASS habar berýär.
Moskwada Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
30.08.25 - 16:5728-nji awgustda Moskwada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentiniň Awazada BMG-niň üçünji maslahatyny geçirmek başlangyjyna ýokary baha berdi
29.08.25 - 12:04Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmekde Türkmenistanyň Prezidentine ornuna ýokary baha berdi.
TIF 2025 forumy pudagyň öňdebaryjy işewürlerini türkmen paýtagtynda jemlär
27.08.25 - 17:28Şu ýylyň 18-19-njy sentýabrynda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy (TIF 2025) geçiriler. Forumyň resmi saýtynyň (www.tif-turkmenistan.com) maglumatyna görä, wekiller üçin hasaba almaklyk 4-nji sentýabra çenli dowam edýär.
Türkmenistanyň we Pakistanyň diplomatlary söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
26.08.25 - 17:1425-nji awgustda Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Döwrebap tehnikalar nebitçilere guýulary netijeli abatlamaga ýardam edýär
27.08.25 - 17:28Türkmenistanda esasy nebit çykaryjy kärhana bolan «Türkmennebit» döwlet konserni geologiýa-gözleg işlerini, guýulary burawlamagy we olaryň düýpli bejeriş işlerini işjeň dowam etdirýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary bilen, nebitçileriň ýokary öndürijilik görkezijilerine ýetmegine ýardam berýän döwrebap we ýokary netijeli tehnikalar yzygiderli satyn alynýar.
Energiýanyň täze görnüşleri we ony almagyň usuly
26.08.25 - 09:10Soňky ýyllarda dünýäde pes uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyna geçmek bilen bagly işleriň güýçlenmegi netijesinde, geljekde energiýa serişdelerine bolan islegiň gurluşynyň üýtgemegine getirer diýlip garaşylýar.
Türkmenistan we Hytaý tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekişdiler
26.08.25 - 17:1525-nji awgustda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekişlik dabarasy geçirildi. Ylalaşyk Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ykdysady, ylmy-tehniki we infrastruktura ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy giňelmäge ýardam berer. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.