Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

20:50 23.04.2026 252

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/16786/original-169e9c05039a63.webp

22-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow bilen Azerbaýjanyň ýurdumyzdaky ilçisi Gismet Gýozalowyň arasynda geçirilen duşuşykda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejeli özara saparlaryň we duşuşyklaryň möhüm orny bellenilip geçildi.

Şeýle-de, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň, hususan-da, energetika ulgamynda netijeli we amaly hyzmatdaşlygy berkitmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky ykdysady we energetika ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda nebitgaz pudagyna aýratyn üns berildi diýip, Orient habar berýär.

Başga makalalar
1621875c4eaa5a.jpeg
Türkmenistan «Ýewropa Bileleşigi — MA» ýurtlarynyň Owganystan boýunça maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ýazguly Mämmedow Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde çarşenbe güni geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystandaky ýörite wekilleriniň hem-de ilçileriniň duşuşygynda türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Özbegistanyň habar beriş serişdeleri habar berýär.


16217298de84c7.jpeg
Türkmenistan BSG-na goşulýan ýurt derejesini aldy

Geçen çarşenbe güni Bütindünýä Söwda Guramasynyň merkezi edarasy ýerleşýän Ženewa şäherinde BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama goşulmak baradaky ýüztutmasyna garaldy.


166c33f6cb52d9.png
Mekdep okuwçylary ýurdumyzyň çagalar dynç alyş merkezlerinde ýatdan çykmajak günleri geçirýärler

Tomus pasly – ähli çagalaryň söýýän döwri. Türkmenistanda mekdep okuwçylary däp bolşy ýaly, tomusky dynç alyş günlerini ýurdumyzyň gözel künjeklerinde ýerleşýän çagalar dynç alyş merkezlerinde (ÇDM) geçirýärler. Gökdere jülgesi meşhur dynç alyş ýerleriniň biri bolup, bu ýerde “Türkmengaz” DK-niň “Çeşme”, “Nebitçi”, “Nesil”, “Şöhle” merkezleri ýerleşýär, bulardan başga-da, “Türkmennebit” DK-niň Hazardaky “Gara altyn” hem-de TNGIZT-niň Awazadaky “Arzuw” merkezleri hereket edýär.


164b7a2c563809.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti halkara sammite gatnaşmak üçin Saud Arabystanyna bardy

Sişenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyna ugrady.


1683d4e1c1ea3d.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Senatynyň Başlygyny kabul etdi

31-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Raza Gilanini kabul etdi diýip, TDH habar berýär.