Türkmenistanda parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň hemra gözegçiliginiň häzirki zaman tehnologiýalary öwrenildi

09:15 08.06.2026 44

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/17090/original-16a26eb510e491.jpg

Parnik gazlarynyň zyňyndylaryny hemra arkaly gözegçilik etmegiň häzirki zaman tehnologiýalary Türkmenistanda geçirilen onlaýn okuw sapaklarynyň temasy boldy. Okuwlar Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan durmuşa geçirilýän «Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanda: «ýaşyl» ösüş ýolunda — syýasy gepleşikler we howa çäreleri (2024–2029-njy ýyllar üçin)» taslamasynyň çäginde guraldy.

Okuw sapaklary «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň Maglumat-analitiki merkeziniň binýadynda guraldy. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle hem «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Okuwyň çäginde hemra arkaly gözegçiligiň häzirki zaman çemeleşmeleri, maglumatlary gaýtadan işlemek usullary, şeýle hem zyňyndylary awtomatiki ýüze çykarmak we olaryň hiline gözegçilik etmek tehnologiýalary görkezildi.

Maglumatlary amaly taýdan ulanmaga we halkara ülňülerine, şol sanda OGMP 2.0 başlangyjyna we Ýewropa Bileleşiginiň talaplaryna aýratyn üns berildi. Gatnaşyjylar «GHGSat» platformasynyň analitiki mümkinçilikleri bilen tanyşdylar we ylmy-tehniki meseleleri gepleşik görnüşinde ara alyp maslahatlaşdylar.

Çäräniň jemleri boýunça diňleýjiler alnan bilimiň ýurtda ekologik gözegçiligi ösdürmek üçin amaly ähmiýetini bellediler.

Başga makalalar
162259cfaa4e00.jpeg
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň ýanwar-fewral aýlarynda işiniň netijeleri maslahatlaşyldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.


1685bca700e785.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

25-nji iýunda, çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.


16225a29a559b6.jpeg
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy

Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.


1685ba108164f0.jpg
Türkmenistanyň we AÖB-niň wekilleri hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygynyň netijelerini we geljegini maslahatlaşdylar

24-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi.


162259826b2bda.jpeg
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi ýanwar-fewral aýlarynda 6,2% derejesinde galdy

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde jemi içerki önümi öndürmek boýunça görkezijiler ýylyň başyndaky ýaly, ýagny 6,2 göterim möçberde saklanýar. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow geçen iki aýda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işiniň netijelerine bagyşlanan mejlisde belledi.