Birža söwdalarynda daşarky bazara nebithimiýa önümleri ýerlenildi
15:57 03.06.2026 104
2-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazara “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümlerini satmak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Hususan-da, Owganystan döwletiniň we BAE-niň işewürleri konsernden “TS-1” kysymly awiakerosini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Täjigistan we Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninden “ECO-93” kysymly ulag benzinini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmenpagta” döwlet konserninden pagta süýümini, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginden 1-nji hilli arassalanan (rafinirlenen) pagta ýagyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 59 mln 315,8 müň manada we 46 mln 391,7 müň ABŞ dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda ygtybarly energetiki ykjamlyk hakynda Kararnamany kabul etmegi teklip eder
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynda durnukly hem ygtybarly energetika ykjamlygy hakynda Kararnama kabul etmek başlangyjy bilen çykyş eder. Bu teklip Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýolbaşçylygy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
22-nji iýunda, ýekşenbe güni amerikan tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň birinji orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berildi.
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy
«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.
Ýylyň iki aýynyň jemlerine garaldy
Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 4-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol dereje ösüşi boýunça ählumumy strategiýany işläp düzmegi teklip edýär
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynda 2030-njy ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol dereje ösüşi boýunça ählumumy strategiýany işläp düzmek we bu mesele boýunça Halkara forumy kabul etmek teklibi bilen çykyş eder.