Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystana muzdsuz esasda 2 müň tonna suwuklandyrylan gaz ibermegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyzystana muzdsuz esasda 2 müň tonna suwuklandyrylan gaz ibermegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynda energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, “Türkmengaz” döwlet konsernine 2000 tonna möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Gyrgyz Respublikasyna muzdsuz ibermegi tabşyrdy. Degişli Buýruk Türkmenistanyň metbugatynda çap edildi.

“Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp hem-de Gyrgyz Respublikasynyň energetika ulgamynda ýüze çykan ýagdaýlary nazara alyp, türkmen halkynyň adyndan gyrgyz halkyna 2024-nji ýylyň fewral aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konserni 2000 tonna möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Gyrgyz Respublikasyna muzdsuz iberer” diýlip, resminamada bellenilýär.

Daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habar berşi ýaly, 2 fewralda gije Bişkegiň ÝES-inde awariýa ýüze çykdy. Deslapky maglumatlara görä, kotýollaryň biri partlady. Häzirki wagtda hökümet raýatlaryň öýlerine ýylylyk paýlamak we ýagdaýyň gaýtalanmagynyň öňüni almak bilen meşgullanýar.

Nebitgaz №39
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№39

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 29-y

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993