Prezident Serdar Berdimuhamedow 1-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Maýa goýum forumynyň öz işine başlamagy mynasybetli oňa gatnaşyjylara gutlag iberdi.
Döwlet Baştutany «Aziýanyň merjeni hasaplanýan ak şäherimiz Aşgabatda geçirilýän bu halkara çäre Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli sebitlerini senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge oňyn täsir eder» diýip nygtady.
«Bu forumyň pudaklara häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga, sanly we «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge hem-de halkara hyzmatdaşlygy işjeň alyp barmaga ýardam etjekdigine berk ynanýaryn» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
«Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Merkezi Aziýada geosyýasy hem-de geoykdysady taýdan örän amatly ýerleşmegi we baý tebigy çig mal serişdeleri maýa goýum babatda ägirt uly mümkinçilikleri açýar» diýlip, döwlet Baştutanynyň Türkmenistanyň merkezi metbugatynda çap edilen ýüzlenmesinde aýdylýar.
“Bu möhüm ähmiýetli foruma gatnaşýan myhmanlar, işewürler we maýadarlar Türkmenistanyň ösüşiniň umumy ykdysady görkezijileri we ykdysady kuwwaty, üstünlikli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri, maýa goýum strategiýasy, bäsleşige ukyply senagat-innowasion ösüşi hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen uly sepgitler, üstünlikler bilen ýakyndan tanşarlar” diýip döwlet Baştutany nygtady.
«Sebit ähmiýetli iri taslamalaryň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi — «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça aragatnaşyk ulgamlarynyň we energiýa geçirijileriniň taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär» diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
«Türkmenistan öňdebaryjy ýurtlaryň has kämil tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak bilen birlikde, oňyn ykdysady-maliýe gurallaryna hem-de öz ylmy-tehnologik, aň-paýhas kuwwatyna esaslanýan nusgasyny işläp taýýarlamagy esasy maksat hökmünde kesgitleýär we dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulýan döwlet hökmünde tanalýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda häzirki zaman ýokary tehnologiýalarynyň we innowasiýalarynyň ornaşdyrylmagyna hem-de bu ugurlara gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär» diýlip, döwlet Baştutanynyň gutlag hatynda aýdylýar.
«Biz mundan beýläk-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösüşlerinde çuňňur oýlanyşykly we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän maýa goýum syýasatyny amala aşyrmagy üstünlikli dowam etdireris» diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.