Türkmenistanda awtomobilleriň çykarýan gazlaryny azaltmak üçin serişdäniň önümçiligi başlandy
11:43 28.11.2024 2122

Türkmenistanda ilkinji gezek awtomobilleriň çykarýan zyýanly gaz zyňyndylaryny azaltmak üçin AUS 32 sertifisirlenen serişdesiniň önümçiligi ýola goýuldy. Bu önüm dizel hereketlendirijilerde goşmaça iş suwuklygy hökmünde ulanylyp, zyýanly gaz zyňyndylarynyň daşky gurşawa bolan täsirini peseltmäge ýardam edýär diýip, ORIENT habar berýär.
“Bir Kuwwat” hususy kärhanasy “BK Blue” haryt nyşanly serişdesiniň goýberilmegini özleşdirdi. Täze önüm Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşygy we ösüşi” (ITTC-2024) atly sergisinde tanyşdyryldy.
“Bir Kuwwat” HK-nyň direktorynyň orunbasary Maksat Nurberdiýewiň bellemegine görä, häzirki wagtda kärhana ýurduň içerki bazarynyň täze türkmen önümi bilen üpjün edilmegine üns berýär, daşary ýurtlara eksporty bolsa indiki tapgyrda meýilleşdirýär.
Mundan başga-da, kärhana giň ulanyşly BK Blue minerallaşdyrylmadyk suwuň önümçiligini ýola goýdy. Bu suw AUS 32 serişdesiniň önümçiligi üçin hem ulanylýar. Durmuşda ony kir we gap ýuwujy maşynlarda, ütüklerde we howany çyglandyryjylarda ulanmagy maslahat berilýär. Senagat we hojalyk pudaklarynda ol ýylylyk energiýa geçiriji toplumlarynda we ýylylyk tabşyryjylarda, sowadyjy ulgamlarynda we çyglandyryjylarda ulanylýar.
“Bir Kuwwat” HK-nyň ýene bir möhüm önümi awtomobillerde hereketlendiriji ulgamynyň doňmagynyň öňüni alýan antrfrizler bolup dur. Kärhananyň, esasan, Türkmenistanyň çäginde alynýan çig mal serişdelerini ulanýandygyny bellemelidir. Onuň ähli işi, ýagny önümiň goýberilmeginden olaryň daşalýan kanistra (gaplaryň) gaýtadan ýasalmagyna çenli, ekologiýa taýdan arassa önümçilige esaslanýar. Kompaniýa müşderilere geljekde gaýtadan işlemek üçin öňki ulanylan gaplary yzyna gaýtarmagy teklip edýär, bu bolsa daşky gurşawa bolan ýaramaz täsiri azaltmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanda Hatyra güni mynasybetli çäre geçirildi
6-njy oktýabrda Türkmenistanda Hatyra güni bellenilip geçildi. Bu gün 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow HHR-niň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri bilen türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdy
22-nji noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaýyň Komunistik partiýasynyň syýasy býurosynyň Hemişelik geňeşiniň agzasy, HHR-niň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çžen bilen sanly ulgam arkaly duşuşygy geçirildi. Bu barada Sinhua agentligi HHR-niň DIM-niň resmi wekili Çžao Liszýana salgylanyp habar berdi.

Türkmenistan Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşuldy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ählumumy ýaşyl ösüş institutyny döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama duşenbe güni «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde neşir edildi.

Nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy
5-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

Bedew bilen ýeňişler rowan
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 28-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Garaşsyzlyk gününiň şanyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi.