Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz we awiakerosin ýerlenildi

12:50 01.10.2024 248

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/12025/original-166fba98a8ea3d.png

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň hem-de Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, şeýle hem Gazagystanyň we Owganystanyň işewürleri portlandsementi satyn aldylar. 

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň telekeçilerine boýalan tüýjümek mata, nah ýüplük we çig mata ýerlenildi.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 23 million 415 müň dollaryna deň boldy.

Başga makalalar
1655224846feb0.jpg
Nebitgaz toplumynda on aýyň jemlerine garaldy

11-nji noýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 10-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.


161d2a0e90a8b3.jpeg
Gazturbinaly elektrik bekediniň açylmagy Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň 2021-nji ýylda hyzmatdaşlygynyň möhüm netijeleriniň biri — ilçi

Sentýabr aýynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda Ýaponiýa tarapyndan gurlan gazturbinaly elektrik bekediniň açylyp ulanylmaga berilmegi geçen ýylda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Bu barada Ýaponiýanyň Aşgabatdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýamamoto Hiroýuki Täze ýyl mynasybetli Türkmenistanyň ilatyna iberen Gutlagynda belläp geçýär. Gutlag ilçihananyň resmi saýtynda neşir edildi.


161d3edc702c64.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti dünýädäki iň uly «Galkynyş» gaz känine baryp gördi

3-nji ýanwarda 2022-nji ýylyň ilkinji iş gününde Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň howa menzilinden dikuçarda tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan iri “Galkynyş” gaz känine tarap ugrady.


161d5720e9a2e3.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow Mary we Lebap welaýatlarynda gaz pudagyny ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi

Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparynyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.


16553343b09148.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň täze bellenen ilçisi bilen ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşdy

Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehanini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada TDH habar berýär.