Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Özbegistan Respublikasynyň energetika ministri Ž.Mirzamahmudowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň Aşgabatda geçiren duşuşyklarynda energetika ulgamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Duşuşyklarda iki ýurduň arasynda ýangyç-energetika ugry boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary täze üstünliklere beslenýär.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň okgunly häsiýete eýedigini hem-de bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Nebitgaz №38
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№38

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 22-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993