2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň özüş depgini 6,3% boldy

16:24 19.02.2024 7088

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/9971/original-165d2f8d2a974c.jpg

Toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Türkmenistanda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ilkinji aýynyň makroykdysady görkezijileri barada 16-njy fewralda geçirilen Hökümet mejlisinde beren hasabatynda belledi.

2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi öndürilen önüm 8,2 göterim köpeldi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ilkinji aýynda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,6 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104,8 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,1 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlar 24,6 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2024-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreleri görmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.