Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekilleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
10:08 16.02.2024 5295
15-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary S.Muhammedurdyýewiň we Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Hwtisiaşwiliniň gatnaşmagynda geçirilen türkmen-gruzin syýasy geňeşmelerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Iki ýurduň dürli derejelerde yzygiderli aragatnaşyklarynyň ýokary netijeliligi we ähmiýeti bellenildi. Şunda, döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň derejesindäki duşuşyklaryň Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň esasy guraly hökmünde çykyş edýändigi nygtaldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Daşary işler ministrlikleriniň derejesindäki hyzmatdaşlygyň öndürijilikli häsiýetine üns çekilip, halkara guramalarynyň çäklerindäki ýakyn özara gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenildi.
Diplomatlar parlamentara dostluk toparlarynyň işini güýçlendirmek arkaly parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurlygyna üns çekdiler.
Şeýle hem, taraplar ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işine ýokary baha berdiler.
Ulag, energetika, söwda, oba hojalygy, syýahatçylyk, ylmy we medeni gatnaşyklar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny beýan etdiler.
Şol gün Gruziýanyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda däp bolan dostlukly türkmen-gruzin gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.