Gurbanguly Berdimuhamedow günortakoreý işewürlerine türkmen bazaryna işjeň girmegi teklip etdi
10:43 03.11.2020 8439
Biziň ýurdumyz Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklarda gazanylan özara düşünişmegiň, netijeliligiň hem-de özara bähbitliligiň derejesine ýokary baha berýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Seul şäherinde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara forumynda wideoýüzlenme bilen eden çykyşynda belledi.
Foruma döwlet baştutanlary, görnükli syýasatşynaslar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, söwda-ykdysady, saglygy goraýyş, bilim, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlaryň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, döwlete dahylly bolmadyk guramalaryň we Özbegistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Mongoliýanyň, Koreýa Respublikasynyň hem-de beýleki birnäçe ýurtlaryň hususy pudaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Öz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti sebit hem-de halkara derejesinde hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýasynyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Ol türkmen-koreý gatnaşyklarynyň netijeliligi barada gürrüň edip, koreý kompaniýalarynyň işjeň gatnaşmagynda nebitgaz we nebithimiýa senagaty ulgamynda durmuşa geçirilen bilelikdäki taslamalaryň ençemesini mysal getirdi.
Eýýäm ençeme ýyl bäri “LG” hem-de “Hyundai” koreý kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebitgaz we ulag ulgamlarynda netijeli işleýärler diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Koreýanyň şu hem-de beýleki kompaniýalarynyň gatnaşmagynda üstünlikli tamamlanan strategik taslamalaryň hatarynda ýurdumyzda tebigy gazy kükürtden arassalaýan zawodyň gurluşygyny, polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň desgasyny agzap bolar.
Şeýle hem döwlet Baştutany ýol hereketiniň howpsuzlygy ulgamynyň gurluşyny we maslahat beriş hyzmatyny, Koreýanyň bütin dünýäde meşhur kompaniýalary tarapyndan öndürilýän awtomobil tehnikalaryny ibermegiň durnukly ulgamynyň döredilmegini mysal hökmünde getirdi.
Şunuň bilen bir hatarda, türkmen Lideri ylmy pudaklarda, şol sanda telekommunikasiýa we älem ulgamlarynda, suwdan peýdalanmakda, hususan-da, deňiz suwuny süýjetmek babatda taslamalary durmuşa geçirmekde bilelikde işlemek üçin uly geljegiň bardygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, Koreýa Respublikasynyň işewür jemgyýetçiligine türkmen bazaryna has işjeň gatnaşmak baradaky çakylyk bilen ýüzlendi hem-de koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlemegine has doly goldaw bermäge, olar üçin has oňaýly şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.