Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanda nebitgaz toplumynyň 2023-nji ýylda işiniň netijelerine garaldy
04:14 12.02.2024 8488
Anna güni, 9-njy fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýyl öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler girizildi.
Mejlisiň barşynda çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, nebit we gaz kondensatyny çykarmak, polipropilen öndürmek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe “Türkmennebit” döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,6 göterim, benzinleri öndürmegiň meýilnamasy 102 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 102,2 göterim, nebit bitumyny öndürmegiň meýilnamasy 199 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 105,8 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 115,7 göterim berjaý edildi.
Şeýle hem tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasynyň 106,9 göterim, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasynyň 112,6 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi.
Serdar Berdimuhamedow nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi we wise-premýere içerki we daşary ýurt sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Şunuň bilen birlikde, «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça işleri güýçlendirmegiň, Hazar deňziniň sebitinde gözleg we özleşdirmek işlerini üpjün etmek üçin daşary ýurt kompaniýalaryny çekmegiň zerurdygyna üns çekildi. Döwlet Baştutany Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny hem üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin öňden özleşdirilip gelinýän ýataklarda degişli işleri geçirmegiň, täze meýdançalary özleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna üns çekildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, bu zawodlarda täze, ýokary hilli tehnologik önümçilikleri döretmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Serdar Berdimuhamedow uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly gatlaklaryny gözlemegi we barlamagy talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, gazylyp alynýan peýdaly gaty magdanlaryň, gurluşyk materiallarynyň we ýerasty suwlaryň geologiýa gözleg-barlag işlerini güýçli depginde dowam etdirmegiň wajypdygy bellenildi. Nebitgaz senagaty boýunça hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, nebitgaz senagatynyň daşky gurşawa we adam saglygyna zyýanly täsirini peseltmäge gönükdirilen meselelere aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtap, döwlet Baştutany wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Mejlisiň dowamynda Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedowyň beren hasabatyna laýyklykda, 2023-nji ýylda 80 milliard 618,7 million kub metr tebigy gaz, 8 million 316,7 müň tonna nebit çykaryldy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Aşgabatda hazarýaka döwletleriniň özara hyzmatdaşlygynyň meseleleri maslahatlaşyldy
11-13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň altynjy maslahatynda hazar boýunça gün tertibiniň esasy meseleleri, hususan-da, ylalaşygyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana iki günlük sapary başlanýar
2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar.