Ispaniýanyň wekiliýeti maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin mart aýynda Türkmenistana geler

16:14 08.02.2024 4535

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/9874/original-165c480d9ab92a.jpg

Mart aýynda Ispaniýanyň wekiliýeti maýa goýum hyzmatdaşlygyny maslahatlaşmak üçin Türkmenistana geler diýip, Russiýa Federasiýasyndaky türkmen wekilhanasynyň saýty habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ispan wekiliýetiniň saparynyň taýýarlyk meseleleri Türkmenistanyň RF-däki ilçisi Esen Aýdogdyýewiň Ispaniýanyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Moskwa şäheri) ilçisi Markos Gomes Martines bilen duşuşygynyň barşynda maslahatlaşyldy.

Wekiliýetiň düzümine öňdebaryjy ispan kompaniýalaryny we guramalarynyň wekilleri girer. Olar türkmen kärdeşleri bilen öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşarlar.

Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň bellemegine görä, maýa goýum işjeňligi, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmek ýaly ulgamlar bilelikdäki işi ýola goýmak nukdaýnazaryndan gyzyklanma döredýär.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.