OGT-nyň ikinji gününiň merkezinde: Hazaryň deňiz bloklaryny özleşdirmegiň, Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işlemeginiň we gazhimiýasynyň mümkinçilikleri
10:47 03.11.2020 9786
Söwda-senagat edarasynda guramaçylary «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri çykyş edýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2020» XXV Halkara maslahatynyň ikinji güni hem baý mazmunly boldy.
Birinji mejlis Hazar deňziniň türkmen bölegindäki deňiz bloklaryna maýa goýumlaryny çekmek mowzugyna bagyşlandy. Bu ýerde «Türkmengeologiýa» DK-nyň başlygy Merdan Rozyýewiň Hazaryň uglewodorod mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça mundan beýläkki işleriň esasy ugurlary baradaky çykyşy boldy. Şeýle hem Hazar deňziniň türkmen böleginiň iň soňky geologo-geofizika maglumatlary hödürlenildi.
Deňiz känlerini özleşdirmekde Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň çykyşlary onlaýn tertipde diňlenildi. Hazaryň deňiz bloklaryna maýa goýumlary nädip çekmeli diýen sowala PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Ruslan Bin Abdul Gani öz çykyşynyň dowamynda jogap bermäge synanyşdy. Türkmenistanda alyp barýan işleri barada Dragon Oil kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Ali Al Jarwan çykyş etdi.
Deňizdäki nebit känlerini özleşdirmekde Demirgazyk Hazarda «LUKOÝL» kompaniýasynyň döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak tejribesi bilen «LUKOÝL - Nižnewolžskneft» OOO taslamasynyň menejeri Oleg Şumowskiý paýlaşdy.
Indiki mejlis nebitiň we gazyň monetizasiýasy meselesine hem-de bu ugurdaky täze maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlandy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory çykyş etdi. «Türkmengaz» DK-nyň Gyýanlydaky Polimer zawodynyň direktory kärhananyň işiniň täze ugurlary barada gürrüň berdi. «Schlumberger Logelco, Inc.» kompaniýasynyň baş direktory ulanyşdaky känlerde uglewodorod çykarylyşyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak tejribesi bilen paýlaşdy.
Günük ikinji ýarymy «Türkmenistanyň gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän toplumy — netijeli hem ekologik howpsuzlygyň nusgasy» mowzugyna bagyşlandy. Bu mejlisiň çäklerinde Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýolbaşçylarynyň, «Türkmengaz» DK-nyň Owadandepedäki gazbenzin önümçiligi boýunça zawodynyň, NAPECO kompaniýasynyň we başga-da birnäçe kompaniýasynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Olaryň çykyşlarynda kärhanalaryň täze maýa goýum mümkinçilikleri, halkara bazarlarynda ECO-93 gazbenzinini ýerlemegiň geljegi, uglewodorodlaryň eksporty boýunça täze çözgütler maslahatlaşyldy.
Energetiki barlaglar boýunça Oksford institutynyň ylmy işgäri Julian Bouden gaz boýunça global çaklamalary onlaýn görnüşde hödürledi.
Soňra moderatorlar tarapyndan mejlisleriň ählisiniň netijeleri jemlendi hem-de maslahatyň resmi ýapylyşy boldy.
Şol gün daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen deslapdan ylalaşylan duşuşyklary geçirildi.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.