BMG energiýa serişdelerini ibermekligi diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny goldaýar

10:41 03.11.2020 8083

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/997/original-15f9a76c1285e2.jpeg

Dünýä bazarlaryna energiýa serişdeleriniň durnukly iberilmegini üpjün etmek pandemiýa garşy göreşmekde hem-de ykdysadyýeti dikeltmegiň depginini güýçlendirmekde möhüm orun eýeleýär, diýip BMG-niň Türk­me­nis­tan­da­ky he­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy Ýelena Panowa «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2020» XXV halkara forumynda belledi.

— Çökgünlik maýa goýumlary togtadyp, arassa energetika tehnologiýalarynyň ýaýramagynyň haýallamagyna howp salyp, has möhümi hem adamlaryň has elýeterli energiýa mümkinçiliklerini kynlaşdyryp, tutuş dünýä boýunça, şol sanda energiýa ulgamlarynyň ibermeleriniň zynjyryny bozdy – diýip Panowa aýtdy.

«Biz ykdysadyýetiň dikeldilmeginiň deň hukuklylyga, gatnaşyjylaryň ählisiniň gyzyklanmalarynyň hasaba alynmagyna hem-de paýhasly nyrh emele getirmeklige esaslanýan adalatly hem aýan ýörelgelerde geçirilmelidigi baradaky Türkmenistanyň garaýyşlaryny goldaýarys. Energetika akymlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy — bu maksada ýetmegiň möhüm ugrudyr» diýip Panowa aýtdy.

Diplomatyň nygtaýşy ýaly, «şu maksat bilen Türkmenistan energiýa serişdeleriniň howpsuz üstaşyr geçirilmegi boýunça halkara gepleşikleriniň üsti bilen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ygtybarly hem durnukly iberilmegine babatda başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Bu gepleşikleriň netijesinde 2008-nji we 2013-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň orny» atly iki sany Kararnama kabul edildi».

— Türkmenistan ýörite edaranyň — BMG-niň Energetika geňeşiniň, şeýle hem Energetika howpsuzlygy boýunça BMG-niň bilermenler toparyny döretmäge çagyrýar.

«Hemişelik bitaraplyk — Türkmenistanyň milli syýasatynyň ägirt uly gazanany bolup, ol halkara gatnaşyklarynda möhüm şerte öwrüldi» diýip, BMG-niň Türk­me­nis­tan­da­ky he­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy Ýelena Panowa belledi.

Başga makalalar
1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.


1623bfd1406366.jpeg
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy

Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.


1623c4aea51404.jpeg
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi

19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.