Türkiýäniň ilçisi: Ankara türkmen elektrik energiýasyny günbatar bazaryna daşamakda geçelge bolmaga çalyşýar

14:03 26.01.2024 6247

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/9739/original-165b3571df063f.jpg

25-nji ýanwarda Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok özüniň rezidensiýasynda geçirilen press-konferensiýada türkmen tebigy gazyny  we elektrik energiýasyny  ýakyn günlerde günbatar  bazaryna daşamak boýunça işlere başlanmagyna umyt bildirýändigini aýtdy.

 «Türkmenistan diňe bir tebigy gazy däl, eýsem bar bolan we gurulýan energiýa öwrüji desgalaryň kömegi bilen elektrik energiýasyny hem eksport etmekde möhüm orun eýeleýär.  Ýakyn wagtda türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny günbatar bazarlaryna daşamak işlerine başlanar diýip umyt edýäris», diýip, Ahmet Demirok aýtdy.

Ilçiniň bellemegine görä, Türkiýe tebigy gazyny daşamakda amatly koridor we ugur bolup bilerdi.

Demirok  Türkiýäniň gaz merkezine öwrülmegi maksat edinýändigini aýtdy. Ilçi sözüniň üstüni ýetirip, "Russiýa bilen baglanyşykly bu ugurdaky işlerimiz dowam edýär, elbetde, biz diňe rus gazy bilen çäklenmek islemeýäris, üpjünçiligi diwersifikasiýa etmek isleýäris" diýip belledi.

Türkiýäniň ilçisiniň Aşgabatdaky rezidensiýasynda geçirilen press-konferensiýa  ilçihananyň, Türkmenistanda ykrar edilen daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de türkmenistanly žurnalistler gatnaşdylar.

Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz 2023-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen türkmen-türk işewürler maslahatynda Türkiýäniň elektrik we tebigy gazy dünýä bazarlaryna ýetirmek üçin täze we örän uly taslamalary bilelikde durmuşa geçirmäge we ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.