Ýaponiýada ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda birnäçe resminama gol çekildi
10:30 23.01.2024 6050
22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýto bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmany beýan etdiler. Duşuşygyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Duşuşykda himiýa zawodlarynyň, gaz turbinaly elektrik stansiýalaryň gurluşygy, şeýle-de tehnikanyň we awto ulaglaryň getirilmegi boýunça bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi barada nygtaldy. Ozal gazanylan üstünlikler bilen birlikde, taraplar energetika geçişi, ilkinji nobatda, wodorodyň önümçiligi we daşalmagy bilen bagly hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleriniň peýdalanylmagyna taýýardygyny bellediler.
Şeýle-de, “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Dialogynyň çäklerinde nobatdaky energetika ykdysadyýeti boýunça Ministrler maslahatynyň geçirilmegine, dekarbonizasiýa boýunça Ýol kartasynyň taýýarlanylmagyna, bilelikdäki karz beriş guralynyň (Joint Crediting Mechanism - JCM), söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen elektron söwdasynyň ulgamynyň ornaşdyrylmagyna, wodorodyň önümçiligi we daşalmagy bilen bagly tehnologiýalar babatynda bilelikdäki işleriň alnyp barylmagyna degişli bolan meselelere üns çekildi. Bu başlangyçlar Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysadyýet, söwda, senagat, energetika we beýleki geljegi uly bolan ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar degişli ugurdaky taslamalary we başlangyçlary işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekdiler:
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň arasynda energetika geçişi amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
- Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň binýadynda onuň ikinji toplumynyň taslamasynyň we gurluşygynyň amala aşyrylmagy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- “Marykarbamid” zawodynyň taslama kuwwatlylygyny artdyrmak boýunça tehniki hyzmatlaryň amala aşyrylmagy we üpjün edilmegi boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň tehniki hyzmatlaryň amala aşyrylmagy we üpjün edilmegi babatynda Çarçuwaly ylalaşyklar boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.