Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody 2023-nji ýylda nebitiň gaýtadan işlenilişini 10,7% artdyrdy
14:36 12.01.2024 20618
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda ýerleşen Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody 2023-nji ýyly ýokary görkezijiler bilen jemledi. Tamamlanan ýylyň dowamynda hem kärhana boýunça çig mallaryň 489 müň 684 tonnasy gaýtadan işlenilip, 413 müň tonnadan gowrak önüm öndürildi.
Munuň özi çig mallary gaýtadan işlemek we degişli önümleri öndürmek boýunça ýyllyk meýilnamalaryň degişlilikde agram hasabynda 110,7 we 100,2 göterim amal edilendigini aňladýar. Kärhanada önümçilige döwrebap enjamlaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy bu ýerde öndürilýän önümlere bolan islegiň, şol sanda daşary ýurt sarp edijileriniň hem sanynyň artmagyna şert döredýär. Bu bolsa taýýar önümleri ýerleşdirmek boýunça hem netijeli işler alyp barmaga ýardam edýär.
Öndürilen harytlyk önümleriň 230 müň 390 tonnadan gowragy A-95, A-92 we A-80 kysymly benzin, 123 müň 680 tonna golaýy hem dizel ýangyjydyr. Şeýle hem zawodda dekabr-ýanwar aýlarynda jemi 30 müň 65 tonna golaý agyr wakum gazoýly, 5 müň 375 tonna mazut, 22 müň 680 tonna golaý hem ýol bitumy öndürilipdir.
Kärhanada öndürilýän önümleriň Özbegistan, Owganystan, Gruziýa, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly döwletlere eksport edilýändigini belläp geçmek bolar. Bu bolsa daşary döwletler bilen özara ysnyşykly gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge, şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagyna itergi berýär.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ýurduň iň iri senagat kärhanalarynyň biridir.
SNGIZ-iň düzüminde 2015-nji ýylda ýyllyk kuwwaty 37 müň tonnadan gowrak ýol bitumyny öndürmäge ukyply bolan desga guruldy. Şeýle hem bu ýerde 2017-nji ýylda önümçilik kuwwaty ýylda 500 müň tonna ýetýän ýokary oktanly benziniň önümçiligi ýola goýuldy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.