OGT – 2020 işewürler forumynyň geçirilmegi Türkmenistan bilen halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam eder
11:51 28.10.2020 8450
28-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp, «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020» (OGT-2020) XXV halkara maslahaty öz işine başlar.
Bu halkara maslahaty “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýetiniň we Beýik Britaniýanyň GaffneyCline kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk etmekliginde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan gurnalýar.
OGT-2020 täzeçe usulda gurnalyp, halkara maslahatyna adaty tertipde gatnaşmak bilen bir hatarda “Zoom Professional” platformasy arkaly dünýäniň 70-den gowrak ýurdundan onlaýn görnüşde gatnaşyp bolar. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar hem (adaty we onlaýn) gatnaşyjylar üçin şeýle görnüşde gurnalar.
Maslahaty guramaçylaryň saýtynda habar berlişi ýaly, Türkmenistan Aziýanyň nebit bazarynda möhüm orun eýeleýär. Ýurduň uglewodorod serişdeleri 71 mlrd tonna nebit barabarlygynda bahalandyrylyp, şolardan 20 milliard tonnadan gowragy nebit we 50 trln kub metrden gowragy tebigy gazdyr. Şeýlelikde bu günki gün Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen ätiýaçlyk gorlary boýunça dörüni orny eýeleýär.
Häzirki wagtda türkmen gazynyň iň iri satyn alyjy Hytaý Halk Respublikasydyr. 2009-njy ýylda işe girizilen Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň üç şahasy (A. B we Ç) boýunça ýylda 40 mlrd kub metre golaý gaz iberilýär. Dördünji D şahasynyň işe girizilmegi bilen türkmen gazynyň iberilmegi şertnamalaýyn 65 mlrd kub metre çenli artar.
Türkmenistan şeýle hem Russiýa gazyň eskportyny gaýtadan ýola goýdy.
Mundan başga-da, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Uzynlygy 1814 kilometr we kuwwatlylygy ýylda 30 mlrd kub metre barabar boljak bu gaz geçirijisiniň gurluşyk işleri 2015-nji ýylyň dekabrynda başlandy. Bu taslama ABŞ, Russiýa we dünýäniň beýleki döwletleri, şeýle hem iri halkara maliýe institutlary, hususan-da, Aziýa ösüş banky tarapyndan goldawa eýedir.
Türkmenistan Hazar deňzindäki, şeýle hem Balkan welaýatyndaky kenarýakalaryndaky känlerini deňiz känlerini hem işjeň işläp taýýarlaýar. Häzirki wagtda Hazar deňziniň şertnamalaýyn çäklerinden birnäçe öňdebaryjy kompaniýalary — ENI, Dragon Oil, Petronas we beýlekiler nebit we gaz çykarýarlar.
Hazar deňzi boýunça ýakynda gazanylan ylalaşyklary nazara alyp, Türkmenistan günbatar ugurda Ýewropa tebigy gaz ibermek mümkinçiligini öwrenýär. Häzirki wagtda jikme-jik işlenilýän bu taslamany durmuşa geçirmegiň birnäçe usullarynyň taslamalary bar.
Türkmenistan gazy gaýtadan işlemek boýunça ägirt uly kuwwatyny işjeň ösdürýär. Ol geljekde uglewodorodlary eksport etmek bilen deňeşdirilende ýurdumyzyň ykdysadyýetinde esasy orny eýeläp biler. Toplumlaryň birnäçesi guruldy, ýokary goşulan bahaly önümleri öndürmekligiň möçberlerini artdyrmak üçin ýene-de gurmak meýilleşdirilýär. Eýýäm karbamid dökünlerini, ýokary dykyzlykly polietilen we polipropien hem-de beýlekileri öndürýän birnäçe toplumlar guruldy.
Netije-de, 2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Ahal welaýatyndaky Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça täze zawod guruldy. Bu häzirki zaman gazhimiýa toplumy dünýä belli önüm öndürijileriň iň täze enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, her ýylda 1 mlrd 785 million kub metr «mawy ýangyjy» gaýtadan işlemäge we 600 müň tonna ECO-93 belgili benzin öndürmäge niýetlenendir. Bu benzin EURO-5 ülňüleriniň iň ýokary ekologik talaplaryna laýyk gelýär. Bulardan başga-da toplum 12 müň tonna arassalanan dizel ýangyjyny hem-de 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürmäge niýetlenendir.
«Türkmengaz» DK bilen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan amala aşyrylan bu maýa goýum taslamasynyň bahasy 1,7 milliard amerikan dollaryna deňdir. Ony maliýeleşdirmeklige Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýapon banky gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, iň gowy dünýä tejribesini öwrenip, hususy işläp taýýarlamalaryňy öňe sürüp, bu ugurda ýokary tehnologiýalaryň binýadynda täze önümçilikleri döretmek bilen gazy çuňlaşdyryp gaýtadan işlemek işini dowam etmek zerurdyr.
Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli gepleşikleri ýola goýmaklyk ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy maksadydyr.
OGT-2020 halkara işewürler forumynyň geçirilmegi Türkmenistan bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we berkidilmegine ýardam eder.
Nebitgaz toplumynyň önümleri birža söwdalarynda öňdeligi eýeledi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Gözleg işlerindäki üstünlik
Häzirki wagtda Üňüzaňyrsy Garagumuň çäklerinde kükürtsiz tebigy gazyň gorlaryny agtaryp tapmak ýurdumyzyň gaz senagatyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Muňa soňky ýyllarda bu çäklerde açylan Agarguýy, Täjibaý, Täçmyradow, Hazarly we Demirgazyk Gazlydepe känlerini mysal getirmek bolar.
GDA-nyň Synçylar wekilligi Türkmenistanda Prezident saýlawlaryna taýýarlyga syn etmek boýunça öz işine başlady
Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar wekilligi öz işine başlady. Onuň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza geldi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär
Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaklyga, ykdysadyýetiň pugtalandyrylmagyny gazanmaklyga gönükdirilen iri taslamalar durmuşa geçirilende ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi ýüze çykýar.
Ýurdumyzda Prezident saýlawlaryna uly gyzyklanma bildirilýär
«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji aýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk, aýdyňlyk, demokratik we giň bäsdeşlik esasynda geçirilýär. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyry — ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak tamamlandy.