BMG-niň saýtynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen energetika we ulag boýunça kararnamalar çap edildi

08:12 06.01.2024 4725

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/9582/original-16597b0349961b.jpg

BMG-niň saýtynda 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 48-nji umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen iki kararnama çap edildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Bellenilişi ýaly, kararnamalar BMG-niň web sahypasynda alty resmi dilde - iňlis, arap, ispan, hytaý, rus we fransuz dillerinde çap edildi.

Gürrüň "Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek" we "Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny" kararnamalary hakynda barýar.

Ulag baradaky kararnama 47 döwlet we energetika birikmesi baradaky kararnama 38 ýurt awtordaş bolup çykyş etdiler.

Ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk baradaky resminama 2026-2035-nji ýyllary durnukly ulag onýyllygy hökmünde yglan edýär. Rezolýusiýanyň awtorlary BMG-niň Baş sekretaryny bu ugurda halkara dialog tejribesini dowam etdirmäge we BMG-niň Durnukly ulag boýunça üçünji global maslahatyny çagyrmagy teklip edýärler.

Resminama görä, 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Bütindünýä durnukly ulag gününiň çäginde esasy wakalar Türkmenistanda geçiriler.

Energetika baglanyşygy baradaky resminama halkara jemgyýetçiliginiň dünýä ykdysadyýetinde ýüze çykýan energiýa çökgünligini ýeňip geçmek ugrundaky tagallalarynyň jemlenmegini üpjün edýär we energiýa çeşmeleriniň serhetara üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmegi talap edýär.

Bu resminama laýyklykda, hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we döwrebap energiýa elýeterliligini üpjün etmek üçin Durnukly ösüş maksatlaryna hemmetaraplaýyn ýetmegi maksat edinýän 2026-njy ýylda Türkmenistanda “Hemmeler üçin durnukly energiýa” atly ýedinji forumy geçirmek teklip edilýär. Şeýle hem, kararnama BMG-niň Baş sekretarynyň 2024-nji ýylyň sentýabryna çenli energetika meselelerine gönükdirilen ösüş meseleleri boýunça indiki hasabatyny çap etmegi teklip edýär.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.