Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

04:06 07.12.2023 13000

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/9404/original-1657019873a3ec.jpg

Sişenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Işewür amerikan işewür toparlarynyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan we dürli pudaklarda iri taslamalary durmuşa geçirýän ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygyny tassyklady.

Erik Stýuart hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorka amala aşyran iş saparynyň ähmiýetini belledi. Şunda döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda öňe sürlen oňyn başlangyçlaryň, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň “Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary” formatyndaky (C5+1) köptaraply hyzmatdaşlygyň birinji duşuşygyna gatnaşmagynyň ähmiýeti nygtaldy.

Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutany Aşgabatda 10-njy bilelikdäki işewürlik maslahatynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi we onuň türkmen-amerikan maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti bellenildi. Şunda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň uzak möhletleýin esasda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde işewürlik geňeşiniň saldamly goşandyna üns çekildi.

Nygtalyşy ýaly, döredileninden bäri geçen 15 ýylyň dowamynda işewürlik geňeşi türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň möhüm guralyna, iki ýurduň ykdysady subýektleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, pugtalandyrmak, işjeňleşdirmek üçin netijeli meýdança öwrüldi. Onuň düzümine girýän ABŞ-nyň iri kompaniýalary türkmen bazarynda strategik taýdan ähmiýetli ulgamlarda üstünlikli işleýärler. Amerikan işewür toparlarynyň köp sanly wekilleri Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly gyzyklanma bildirýärler.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy we milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen bir hatarda, baý tebigy serişdeleriň bolmagy, döwletimiziň çäk taýdan amatly ýerleşmegi, şeýle hem “Açyk gapylar” ýörelgesine esaslanýan daşary syýasy ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri şertlendirýär. Nebitgaz pudagy, elektrik energetikasy, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag-kommunikasiýalar, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ulgamy we beýlekiler hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarydyr.

Prezident türkmen-amerikan işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge, döwletara dialogy pugtalandyrmaga ýardam edýän netijeli işi üçin jenap Erik Stýuarta minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ABŞ-nyň kompaniýalary bilen oňyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny goldaýandygyny we işewürlik geňeşi tarapyndan anyk tekliplere garamaga taýýardygyny belledi.

Işewür döwlet Baştutanyna netijeli söhbetdeşlik we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine uly üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen geljegi uly türkmen bazarynda orunlaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir gezek tassyklady.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.