Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary bilen döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy
10:40 04.12.2023 8104
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şenbe güni Dubaýda Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-birege hormat goýmak ýörelgesinde ýola goýulýan köpugurly türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine garamaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan edip, Dubaý şäherinde geçirilýän “COP28” maslahatynyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdi. Bu maslahat şu ýylyň ähmiýetli halkara çäreleriniň biri boldy.
Döwlet Baştutany sammitde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň möhümdigini nygtap, ýokary derejeli duşuşykda öňe sürlen başlangyçlaryň howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, bu derwaýys meseläni çözmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna saldamly goşant goşýan Türkmenistan howanyň üýtgemegine we onuň ýaramaz täsirlerine garşy durmak boýunça bilelikdäki işleriň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirýär. Türkmenistan Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa laýyklykda daşky gurşawa zyýanly zyňyndylary azaltmak, ekologiýa taýdan we serişde tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, hususan-da, nebitgaz, ulag we elektroenergetika ulgamlarynda ornaşdyrmak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär.
Umumy pikire görä, türkmen ykdysadyýetiniň bu möhüm pudaklary uzakmöhletli özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek we bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we bar bolan kuwwaty has doly derejede amala aşyrmaga ýardam berer.
Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler ýolunda Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine BAE-de tüýs ýürekden guwanýandyklaryny belläp, emirlikler tarapynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.