Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň mejlisinde energetika we ulag hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy
11:50 30.11.2023 7736
Energetika we ulag ulgamlary çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisinde özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Mejlisde türkmen wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, HHR-nyň wekiliýetine bolsa, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan ýolbaşçylyk etdi.
Hökümetara komitetiň ýolbaşçylary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň netijeli we hemmetaraplaýyn ösmeginde esasy faktor bolup, ýokary döwlet derejesindäki açyk, ynamly, netijeli we dostlukly dialogyň çykyş edýändigini bellediler.
Energetika we ulag-logistika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi bar bolan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Mejlise gatnaşyjylar söwda, energetika, ulag, infrastruktura, oba hojalygy ýaly ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, şeýle hem ylmy we tehnologiki üstünlikleri alyşmak, medeni-ynsanperwer baglanyşyklary giňeltmek üçin iki ýurduň telekeçileri üçin amatly iş şertleri döretmegiň zerurlygy barada biragyzdan pikir aýtdylar.
Türkmenistanyň we HHR-nyň tehnologiki ugurda hyzmatdaşlygyny ösdürmek we iki ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine itergi bermek üçin täze mümkinçilikler tapmakda uly geljeginiň bardygy mälim edildi.
Mejlisiň dowamynda söwda, energetika, ulag we logistika, medeniýet, bilim, ylym we ýokary tehnologiýalar ugurlaryndaky ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge taraplaryň özara taýýarlygy tassyklanyldy.
Mejlisiň netijeleri boýunça Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň Teswirnamasyna; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar ministrliginiň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.