Türkmenistanyň Prezidenti we HHR-IŇ Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri döwletara gatnaşyklarynyň netijeli ösüşini bellediler
11:51 30.11.2023 4963
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda komitetiň altynjy mejlisiniň gün tertibi boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, mejlise taýýarlygyň çäklerinde söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, ynsanperwer we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk babatda kiçi komitetleriň mejlisleri hem-de beýleki duşuşyklar geçirildi. Aşgabatda boljak gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki mejlisiň netijeleriniň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigine ynam bildirildi.
Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyna we Gahryman Arkadagymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň hem-de Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Bellenilişi ýaly, Hytaýda oňyn daşary syýasat ugruny durmuşa geçirip, ösüş ýolunda ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen däp bolan dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmekde ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň uly ähmiýeti barada aýtmak bilen, şu ýyl Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran saparlarynyň dowamynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşyklaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Ýakynda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýda saparda boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde “Bir guşak, bir ýol” üçünji halkara forumyna gatnaşdy hem-de Hytaýyň ýolbaşçylary, şol sanda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen netijeli gepleşikleri geçirdi. Şunuň bilen baglylykda, şol saparlaryň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň häzirki wagtda möhüm wezipe bolup durýandygy nygtaldy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.