«Nebitgazdüýpliabatlaýyş» tresti 430-dan gowrak nebit guýusynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirdi
10:06 22.11.2023 7964
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň hünärmenleri şu ýylyň geçen döwründe 436 sany nebitgaz guýusyny düýpli abatladylar. Bu meýilnamada göz öňünde tutulandakydan 70 guýy köpdür. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Abatlaýyş işleriniň köpüsi «Goňurdepe», «Gamyşlyja» we «Barsagelmez» ýataklarynda amala aşyryldy. Abatlaýyş işleriniň geçirilmegi we gazyp alyş işiniň döwrebaplaşdyrylmagy “gara altynyň” önümçiligini düýpli ýokarlandyrmaga mümkinçilik döretdi. Ady agzalan guýularyň müdirlikleri tarapyndan ýylyň başyndan bäri 176 müň tonna nebit gazylyp alnyp, bu görkeziji meýilnamada göz öňünde tutulandan 13 müň tonna golaý köpdür.
«Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça nebit çig malyny almak baradaky meýilnamalaryna iki esse artygy bilen hötde gelendiklerini bellemek gerek.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.