Malaýziýanyň täze ilçisi bilen ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy
04:45 22.11.2023 5628
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar we özara gyzyklanma bildirilýän ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşdylar diýlip, habarda aýdylýar.
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň okgunly we uzakmöhletleýin häsiýeti nygtaldy. Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň arasynda ýangyç-energetika toplumy, öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamy, ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýaly pudaklaryna maýa goýumlary ýaly ugurlar bar.
Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň medeni-ynsanperwer ulgamyny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň örän wajyp ugry hökmünde görkezdiler. Ylym we bilim, medeniýet we sungat pudaklarynda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berildi. Taraplar halkara meýdançasynda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy bellediler.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddinden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministr ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlamak bilen, türkmen tarapynyň oňa döwletara gatnaşyklaryny has-da berkitmek ugrunda diplomatik işini ýerine ýetirmekde hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Belläp geçsek, türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň oňyn mysallarynyň biri hem Gazar deňziniň kenarynda nebitgaz känlerini özleşdirmäge we işläp taýýarlamaga gönükdirilen iri taslamadyr. «Petronas Charigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» (Malaýziýadaky Petronas-yň şahamçasy) Önümi paýlaşmak hakynda şertnama laýyklykda, Blok – 1-de uglewodorodlary çykarmak bilen meşgullanýar. Mundan başga-da, hemaýatkärlik maksatnamasynyň çäklerinde ýüzlerçe türkmen talyby Malaýziýada ýörite bilim aldylar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.