Aşgabatda 17-19-njy noýabrda «Iran Project» sergisi we türkmen-eýran işewürler forumy geçiriler
11:53 16.11.2023 9040
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2023-nji ýylyň 17–19-njy noýabrynda geçiriljek Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisini geçirmäge taýýarlanýar.
«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugynyň salgylanyp habar bermegine görä, ýöriteleşdirilen sergä Eýran Yslam Respublikasyndan 100-e golaý kompaniýa gatnaşar. Elli töweregi pawilýonda gurluşyk we gurluşyk materiallary önümçiliginde, tehniki we inženerçilik hyzmatlary, suw hojalygy, energetika, nebit we gaz, nebithimiýa, bilim hem-de söwda pudagynda işleýän kompaniýalaryň önümlerini we hyzmatlaryny hödürlär.
Şeýle hem 18-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda türkmen-eýran işewürlik forumyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Bu çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary we eýranly telekeçiler geljekde ýakyn hyzmatdaşlygyny dowam etmek üçin resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 13-nji noýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ali Mojtab Ruzbehani bilen geçirilen duşuşygynda Eýranyň Türkmenistanyň sebitdäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigi we döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli ösüş depgininiň söwda-ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine laýyk gelýändigi bellenildi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.