Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň täze bellenen ilçisi bilen ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşdy
13:20 14.11.2023 10017
Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehanini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada TDH habar berýär.
Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki özara hereketlere aýratyn üns berildi. Söhbetdeşler özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlarda oňyn ösdürilýändigini nygtap, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa toplumlarynda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, gurluşyk, oba hojalygy pudaklarynda dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparyna aýratyn orun degişlidir.
Şeýle hem Eýranyň ýurdumyzyň sebitdäki iň ähmiýetli hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýandygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamda deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň döwletara ykdysady gatnaşyklaryň okgunly ösüşine laýyk gelýändigi bellenildi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.