Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
23:03 19.10.2020 8523
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Katsumata Takahiko bilen geçiren duşuşygynda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Duşuşygyň barşynda taraplar dostluk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Soňky ýyllaryň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze tapgyry barada nygtaldy. Taraplar ýokary derejedäki gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň ilerlemegindäki ähmiýeti barada bellediler.
Taraplar ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlaryndaky ösüşine goşýan goşandyny bellediler. Muňa mysal hökmünde, Mary şäherindäki karbamid öndürýän zawody, Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumy, Türkmenabatdaky kükürt kislotasyny öndürýän zawody, Garabogaz karbamid öndürýän zawody ýaly gurluşyklar boýunça taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini bellemek bolar.
Dünýäde deňi-taýy bolmadyk, Türkmenistanyň Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän (GTG) täze zawody bu ugurda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň netijesi bolup durýar.
Taraplar bilelikdäki täze taslamalaryň üstünlikli ilerledilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda gaz we nebithimiýasy, ulag-kommunikasiýa ulgamy, oba hojalygy, himiýa senagaty, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we beýleki ugurlar agzaldy. Gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy.
Ilçi Takahiko Kasumata türkmen-ýapon gatnaşyklaryna üns berilýändigi, şol sanda daşary ýurtly kompaniýalaryň netijeli işlemegi üçin amatly maýa goýum şertleriniň döredilýändigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtadylar
3-nji aprelde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň döwlet ministri ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçiliklerini bellediler
2-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.