Türkmenistanyň Prezidenti YHG ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi
11:16 10.11.2023 9297
Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-niň ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi diýip, TDH habar berýär.
«Biziň ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň diňe YHG-niň giňişligini tutuşlygyna öz içine alýan döwrebap ulag we kommunikasiýa torlary bar bolan halatynda üstünlikli ösjekdigi we hakykatdan hem netijeli boljakdygy äşgärdir» diýip, döwlet Baştutany belledi.
Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Ýewraziýa ulag geçelgeleriniň tutuş yklymyň ösmegine itergi beriji güýç hökmünde ähmiýeti aýdyň görünýär we artýar we bu işde Guramamyza esasy orunlaryň biri degişlidir.
Şonuň üçin döwlet Baştutany möhüm infrastruktura desgalary bolan ýollary, köprüleri, çatryklary, ammarlary, terminallary we beýleki desgalary gurmak babatda hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugur hökmünde kabul edýändigine aýratyn üns berdi.
«Amaly nukdaý nazardan, degişli döwlet edaralarynyň we hususy kompaniýalaryň gatnaşmagynda, Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýäris» diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Hytaýdan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hazar deňziniň, Pars aýlagynyň we Gara deňziň potlaryna çykmak arkaly multimodal ýük daşalmagyny ýola goýmak meseleleriniň geljekde ara alnyp maslahatlaşylmagyny ileri tutulýan ugurlaryň biridir.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz halkara giňişliginde maksada okgunly we ylalaşykly ulag diplomatiýasyny alyp barmak, ýöriteleşdirilen guramalar bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasy, halkara we sebitleýin ulag guramalary bilen işjeň iş alyp barmaklygyň YHG üçin möhümdigini belledi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.