Türkmenistan we Koreýa Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Hökümetara ylalaşyga gol çekdiler
12:22 02.11.2023 6882
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Çžiniň arasynda geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga» gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda aýdylýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.
Duşuşygyň barşynda daşary syýasat edaralaryň wekilleri iki ýurduň arasynda alnyp barylýan giň gerimli gatnaşyklary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler Türkmenistan we Koreýa Respublikasy üçin köp ýyllyk dostlukly we ysnyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklara daýanýan türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň geljekki ösüşiniň orny barada aýratyn belläp geçdiler. Mundan beýläk hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmeginde, berkidilmeginde ýokary derejeli gatnaşyklar uly orna eýe bolup durýar.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiki, dowamly we uzak möhletli häsiýete eýedigi nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Olaryň arasynda Arkadag şäherinde senagat klasterini döretmek taslamalary, gaz himiýa zawodlaryny gurmak, elektrik ulaglaryny we elektrik awtobuslaryny satyn almak, “akylly şäherleriň” gurluşygyna iň täze sanly, maglumat, aragatnaşyk we beýleki tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin maýa goýumlary, deňiz suwuny süýjediji usullary we tehnologiýalary ulanmak we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak üçin täzeçillikler, maliýeleşdirmegiň diwersifikasiýasy, ýaşyl we wodorod energiýasy boýunça Koreýa Respublikasynyň tejribesini öwrenmek, bäsdeşlige ukyply önümlerini öndürmäge gönükdirilen häzirki zaman ýokary tehnologiýaly pudaklary döretmek ýaly taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu nukdaýnazardan, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň işi biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin netijeli gural hökmünde bellenildi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.