Türkmenistan we Pakistan TOPH-nyň owgan böleginiň gurluşygyny tizleşdirmek boýunça gepleşikleri dowam etdirer
13:22 31.10.2023 6735
Türkmenistan we Pakistan TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny tizleşdirmek boýunça gepleşikleri dowam etdirer diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Bu barada ylalaşyk Türkmenistanyň wise-premýeri Hojamyrat Geldimyradowyň Pakistanyň Daşary işler ministri Jalil Abbas Jilani bilen duşuşygynda gazanyldy. Duşuşyk 26-njy oktýabrda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde ŞHG-niň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň çäginde geçirildi. Taraplar Türkmenistan — Pakistan hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we onuň mundan beýläkde ösdürmegiň ýollary barada pikir alyşdylar.
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji liniýalar we optiki-süýümli aragatnaşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi tutuş sebitiň sosial-ykdysady we gurluş taýdan ösüşine täze itergi berjekdigi nygtaldy.
TOPH-nyň owgan böleginde işiň depginini ýokarlandyrmak boýunça goşmaça gepleşikler geçirmek teklip edildi.
Jilani iki ýurduň arasynda dürli ugurlardaky ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, taryhy we medeni umumylyga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Mundan başga-da, Söwda-ykdysady ugurda bar bolan kuwwatlyklary netijeli peýdalanmak we özara söwdanyň möçberlerini artdyrmak üçin ähli gurallary ulanmagyň zerurdygy bellenildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugynda habar berildi.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna nebit we gaz pudagy, energiýa we beýlekiler girdi. Şunuň bilen baglylykda, Bilelikdäki Türkmen-Pakistan hökümetara iş toparynyň işiniň möhüm orny nygtaldy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.