«Türkmengaz» 2023-nji ýylda Russiýa, şertnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, 5 mlrd kub metr gaz iberer
17:44 27.10.2023 4842
“Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşylan şertnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, 2023-nji ýylda Russiýa, takmynan, 5 mlrd kub metr türkmen gazynyň iberilmegine garaşylýar. Bu barada žurnalistlere “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Aşgabatda geçirilen OGT – 2023 sergisiniň jemi boýunça metbugat konferensiýasynda aýtdy.
“Şertnama esasynda ýylda, takmynan, 5 mlrd kub metr üpjünçilik mukdary göz öňünde tutulýar. Türkmen tarapy şertnama boýunça öz üstüne alan borçnamalarynyň çäginde olary ýyldan ýyla doly ýerine ýetirýär. Şertnama doly möçberde amala aşyrylýar we şu ýyl hem türkmen tebigy gazynyň Russiýa Federasiýasyna eksportynyň göz öňünde tutulýan mukdary 5 mlrd kub metr” – diýip, Arçaýew aýtdy.
“Türkmengaz” döwlet konserni bilen “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti türkmen tebigy gazyny Russiýa ibermek barada 2019-njy ýylda 5 ýyl möhlet bilen şertnama baglaşdy. Şertnama 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket eder.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.