Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde Türkmenistanyň energiýa syýasatyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny mälim etdi
14:45 19.10.2023 4247
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Pekindäki «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň energiýa syýasatyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny mälim etdi.
«2009-njy ýylda Türkmenistandan Hytaýa çekilen gaz geçirijisiniň işe girizilmegi yklymlarda energetika ulgamynda gatnaşyklaryň täze arhitekturasynyň kemala gelmeginiň başyny başlady, özara bähbitlilik we deňhukuklylyk esasynda beýleki döwletleriň taslamasyna goşulmak mümkinçiliklerini açdy» diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýtmagyna görä, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy hem hut şu nukdaýnazaryndan amala aşyrylýar.
«Häzirki wagtda biz türkmen tebigy gazynyň, elektrik energiýasynyň geografiýasyny giňeltmegiň we halkara derejede iberilýän möçberlerini artdyrmagyň üstünde işleýäris. Türkmenistandan Owganystana we Pakistana elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Bu ugurlarda hyzmatdaşlygyň gün tertibinde iri taslamalaryň ýene-de birnäçesi bar» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.