Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Fransiýa bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge taýýar

15:23 16.10.2020 8813

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/896/original-15f87f523dce84.jpeg

Türkmenistan Fransiýa bilen ikitaraplaýyn, şonuň ýaly-da, köpugurly görnüşde, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýar. Bu barada  Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Izabel Ginel bilen geçiren duşuşygynda belledi.

Diplomat türkmen Liderine ynanç hatyny gowşuryp, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň mähirli sözlerini beýan etdi.

Ilçi köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini hem-de ony ösdürmek üçin bar bolan ägirt uly kuwwaty belläp, munuň Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewropa ýurtlary bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän netijeli syýasaty esasynda mümkin bolandygyny nygtady. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýan iri fransuz kompaniýalarynyň ýurdumyz bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary aýdyň mysal hökmünde getirildi.

Söhbetdeşler iki ýurduň döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegi özara maksat edinýändiklerini tassyklap, mundan beýläk hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Esasy ugurlar hökmünde ýangyç-energetika ulgamy, söwda-ykdysady pudagy, aragatnaşyk, ekologiýa, suw hojalygy, şähergurluşygy we beýlekiler agzaldy. Ylymda, medeniýetde, bilimde, saglygy goraýyşda, sport hem-de syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň we hemmetaraplaýyn giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy.

Fransuz tarapy Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy bilen ady rowaýata öwrülen türkmen bedewlerini hem-de alabaýlaryny köpeltmekde we wagyz etmekde gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna aýratyn gyzyklanma bildirýär.

2021-nji ýylyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda geçiriljek çäreler we bilelikdäki işler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Başga makalalar
1680b74fcd3842.jpg
TEIF 2025: Türkmenistan halkara hyzmatdaşlaryny ýurduň durnukly, ösýän ykdysadyýetine maýa goýmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow TEIF 2025 halkara maýa goýum forumynda eden çykyşynda forumyň Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi.


163295d2421857.jpeg
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär

Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.


1680b13b50ebf9.jpg
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Özbegistanyň “Ýokary derejeli dostluk” ordenini gowşurdy

24-nji aprelde Samarkantda ikitaraplaýyn gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagyny — “Ýokary derejeli dostluk” (“Oliý Darajali Dustlik”) ordenini gowşurmak dabarasy boldy.


163295ab701a45.jpeg
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.


1680b56f64a7b7.jpg
“Türkmengaz”: Türkmenistanda metan zyňyndylary üstünlikli azaldylýar

2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Kuala-Lumpurda geçirilen «TEIF 2025» — Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek boýunça halkara forumda «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew ýurdumyzyň durnukly ösüş we energetiki özgertmeler ugrundaky strategiasy bilen çykyş etdi.