Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde geçirilýän «Bir guşak, bir ýol» III ýokary derejeli maslahata gatnaşýar
14:52 18.10.2023 4132
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki Halk ýygnaklar öýünde geçirilýän «Bir guşak, bir ýol» III ýokary derejeli maslahatyna gatnaşýar. Bu barada TDH habar berýär.
Bu giň gerimli maslahata 140-dan gowrak ýurtdan hem-de 30 sany halkara guramalaryndan wekiller, şol sanda döwlet baştutanlary we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.
Maslahatyň çäginde maýa goýum, sanly ykdysadyýet we söwda gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşy we ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda täze şertnamalara gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk ýygnaklar öýünde «Bir guşak, bir ýol» III ýokary derejeli maslahatynyň çäklerinde geçiriljek Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda çykyş etmegine garaşylýar.
2013-nji ýylda Si Szinpin tarapyndan teklip edilen «Bir guşak, bir ýol» konsepsiýasy dünýä bileleşiginiň oňyn seslenmesine mynasyp boldy. Bu başlangyjyň maksady has köp sanly ýurtlaryň gatnaşmagynda hem-de gyzyklanma bildirýän döwletleriň serişdelerini peýdalanmak bilen, halkara söwda-maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmekden ybaratdyr. Bu başlangyja eýýäm 150-den gowrak ýurt we 30-dan gowrak halkara guramalary goşuldy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.