Türkmenistanyň Prezidenti: ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek — GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugrudyr
13:18 16.10.2023 4697
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bişkekde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda Aşgabadyň Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugrunyň ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bolup durýandygyny belledi.
«Ykdysadyýetde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini gatnaşyklarymyzyň ileri tutulýan ugry hasaplaýarys» - diýip, Türkmenistanyň Baştutany belledi.
«Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama gol çekildi. Bu resminama soňra kabul edilen GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň esasyny düzdi» diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
Strategiýada söwda, senagat kooperasiýasy, ulag, energetika, maýa goýumlar ulgamlarynda we beýleki ileri tutulýan pudaklarda ýakyn gatnaşyklar göz öňünde tutulýar.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň giň gerimli Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar düzümleýin geçelgeleri ösdürmek babatda energetika, ulag-kommunikasiýa ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça başyny başlan taslamalarynyň Arkalaşygyň döwletleri üçin wajypdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzi — Gara deňiz we Aziýa — Ýuwaş umman sebitleriniň ulag gatnawlary, şeýle hem Aýlagyň we Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen logistik mümkinçilikleri artdyrmaga uly ähmiýet berilýär.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.