Dabaraly maslahat geçirildi
07:11 12.10.2023 8759
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň hünärmenleridir ýolbaşçylary, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Berdimyrat Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Batyr Jumaýew dagy öz çykyşlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen şanly 32 ýylynda ýurdumyz boýunça ýetilen belent sepgitler hem-de onuň öň ýanynda ýokary guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň we kabul edilen döwletli çözgütleriň türkmen halkynyň buýsanjyny, şatlygyny has-da artdyrandygyny bellediler. Döwletli maslahatda Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bolsa her bir ynsanyň göwnüni ganatlandyran, ruhuny galkyndyran ajaýyp taryhy waka öwrüldi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşlary, kesgitlenilen wajyp wezipeler tutuş adamzadyň şu gününiň hem-de ýagty geljeginiň bähbidine gönükdirilendir. Garaşsyzlygymyzyň geçen ýyllarynda Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady we ýaşaýyş-durmuş taýdan ýokary ösüş depginlerine eýe bolýar. Türkmenistan demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň berk binýadyny tutup, Garaşsyzlyk taglymaty esasynda berkararlygynyň esaslaryny berkidýär, durnukly durmuşy, ykdysady ösüşi üpjün edýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrýar. Şonuň netijesinde ata Watanymyz, mähriban halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymatyna we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoluna eýerip, beýik geljege tarap öňe barýar. Bular dogrusynda dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň hünärmeni Mergen Amanow, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Umumy bölüminiň baş hünärmeni, konserniň demokratik partiýasynyň ilkinji guramasynyň başlygy Muhammetmyrat Atagarryýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geofizika bölüminiň baş hünärmeni Çeper Babaýewa dagy öz çykyşlarynda buýsanç bilen bellediler. Dabaraly çäräniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary nebitgazçylarda we myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa maslahata gatnaşyjylaryň adyndan Ýüzlenme kabul edildi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.