Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Başlyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar
12:34 10.10.2023 5287
Türkmenistanyň daşary syýasy edrasynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Başlyklarynyň - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň we öz ýurdunyň wekilçilikli toparynyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda sapar bilen bolýan Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Owerçugyň arasynda geçirilen gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen A.Owerçugyň arasynda geçirilen duşuşygyň möhüm ähmiýeti bellenildi. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany köptaraply türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna oňyn baha bermek bilen, gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan energetika, ulag-logistika pudaklarynda, medeni-ynsanperwer ugurda iki döwletiň oňyn özara gatnaşyklary alyp barýandyklary barada umumy pikiri beýan etdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.