Yrak her ýylda Türkmenistandan 10 mlrd kub metr gaz satyn almaga taýýar
14:15 09.10.2023 5461
«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Resminama Döwlet ministriniň — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň şu ýylyň 5 — 8-nji oktýabry aralygynda Bagdat şäherinde gulluk iş saparynyň netijeleri boýunça gol çekildi.
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudani tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda Yrak Hökümetiniň ýolbaşçysy öz ýurdunyň Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine taýýardygyny belledi. Şol gatnaşyklarda energetika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolar.
Premýer-ministr Al Sudani baý uglewodorod serişdeleriniň bardygyna garamazdan, milli ykdysadyýetiniň we ilatynyň gaza hem-de elektrik energiýasyna barha artýan islegleriniň Yraga gazyň daşary ýurtlardan iberilişiniň möçberiniň artdyrylmagynyň zerurdygyny şertlendirýändigini aýratyn nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, ol iki ýurduň döwlet energetika düzümleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklary mübärekledi we olaryň iş ýüzünde tizden durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.
Yragyň Hökümetiniň Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentine çuňňur hormatyny we salamyny ýetirmegi haýyş etdi.
Şeýle hem Yrak Respublikasynyň Prezidentiniň ýakyn wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen barmaga taýýardygy bellenildi.
Türkmen wekiliýeti elektroenergetika ministri Ziad Ali Fadel bilen giňişleýin gepleşikleri geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda netijeli ýagdaýda türkmen tebigy gazyny Yraga ibermegi guramak bilen baglanyşykly meseleleriň toplumyna garaldy.
Hususan-da, yrakly hyzmatdaşlar Türkmenistandan Yraga gazy goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň çäklerinden swap usulynda almaga gyzyklanma bildirdiler. Şunda yrak tarapy türkmen gazyny her ýylda 10 milliard kub metre golaý möçberde kabul etmäge taýýardyr.
Bulardan başga-da, taraplar gaz pudagynda geljekde bilelikde işlemegiň hukuk, täjirçilik, maliýe, guramaçylyk şertlerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Yrak Respublikasynyň Elektroenergetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Taraplar şu ýyl Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023” atly halkara serginiň we maslahatyň çäklerinde gepleşikleri dowam etdirmegi ylalaşdylar.
Türkmenistanyň energetika pudagynda halkara ähmiýetli teklipleri dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen çözgütlerde beýanyny tapyp, birnäçe iri energetika taslamalarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagynda mynasyp dowam etdirilýär. Şol taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Hytaý, Türkmenistan — Eýran iri gaz geçirijilerini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini, Türkmenistandan Eýrana hem-de owgan tarapynda Pakistana çykalgasy bolan ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlaryny görkezmek gerek.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.