Halk Maslahatyna gatnaşyjylara söz berýäris
06:58 30.09.2023 8887
Bahar ÇARYÝEWA,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Durmuş taýdan ösüş we edara ediş-hojalyk işleri müdirliginiň baş hünärmeni:
— Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda ýurdumyzda geçirilen taryhy foruma gatnaşmak bagty maňa-da miýesser etdi. Hormatly Prezidentimiziň çykyşynda ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns berildi, bu babatda anyk wezipeler kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny tamamlamagy, daşary ýurt maýa goýumlaryny Hazar deňziniň türkmen böleginiň geljegi uly bolan toplumlaryny özleşdirmäge we önüm çykarmak boýunça iri taslamalara çekmegi, gaz boýunça ylmy we tejribäni, täze tehnologiýalary ösdürmegi hem-de burawlamagyň tehniki mümkinçiliklerini kämilleşdirmegi, uglewodorod serişdelerini has ýokary derejede düýpli gaýtadan işlemegiň çygryny giňeltmegi, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de seýsmiki gözleg we geologiýa gözleg işlerinde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen tejribe alyşmagy nebitgaz pudagyny ösdürmekde esasy ugurlar hökmünde kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ýokary adyň dakylmagy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň möhüm wakalarynyň biri boldy. Bu ýokary sylag — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünliklerinde döwlet Baştutanymyzyň ägirt uly hyzmatlarynyň halkymyz tarapyndan ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.