Nebitgaz toplumynyň kärhanalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli sergä işjeň gatnaşdylar
11:47 21.09.2023 8577
20-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy.
Sergi meýdançasynda ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, adamlaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin mynasyp şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň goşýan goşantlarydyr mümkinçilikleri giňden şöhlelendirilýär. Bu ýerde ýokary tehnologiýaly enjamlar, häzirki zaman gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri, kompýuter, kommunikasiýa mümkinçilikleri, azyk senagatynda ýetilen sepgitler, ekologik meseleleriň çözgüdini tapmakda gazanylan üstünlikler, sport we syýahatçylyk ulgamynyň ösüşi, ýurdumyzyň ylmy, işgärler, medeni kuwwatlyklary görkezilýär. Sergä ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary hem işjeň gatnaşdylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalyşy ýaly, bu giň möçberli sergi berkarar Watanymyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini beýan edip, geljekki ösüşlerimiziň badalgasyna öwrüljek başlangyçlary, täze taslamalary ilerletmekde uly ähmiýete eýe bolar.
Ýurdumyzda döredilen berk ykdysady binýat we durmuş ulgamynda ýetilen sepgitler Türkmenistanyň geljekki ösüşiniň hem ygtybarly girewidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň binýadynyň has-da berkidilmegi bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär.
Köpugurly gözden geçiriliş giň sergi zallarynda ýaýbaňlandyryldy. Döwrebap mahabat enjamlary bilen üpjün edilen ýöriteleşdirilen bölümler pudaklaryň üstünliklerini, bäsdeşlige ukyply we isleg bildirilýän önümleriň giň görnüşlerini, hyzmatlar ulgamynda täzeliklerdir teklipleri tanyşdyrmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň binýatlyk pudagy bolan ýangyç-energetika toplumynyň ýokary depginlerdäki ösüşi giň sergi bölüminde beýan edilýär. Onda senagat taýdan ägirt uly kuwwatlyklara eýe bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebiti we gazy gaýtadan işlemek arkaly alnan eksport ugurly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan täze önümlerine, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernlerine aýratyn orun berlipdir.
Diwarlyklarda ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň tapgyrlaryny, has takygy, «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilişi, arassalanylan harytlyk gazyň öndürilişi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, polietilen we polipropilen hem-de ýokary oktanly benzin öndürmek üçin tebigy gazy senagat taýdan işlemegiň döwrebap tehnologiýalaryny özünde jemleýän gazhimiýa toplumlarynyň mümkinçilikleri görkezilýär.
Toplumlaýyn senagat-innowasion özgertmeleriniň çäklerinde okgunly ösýän himiýa pudagynyň diwarlyklarynyň töweregi hem köp adamly boldy.
Ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolan elektroenergetika pudagynyň gazananlary hem sergide giňden şöhlelendirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda elektrik geçiriji ulgamlaryň müňlerçe kilometri döwrebaplaşdyrylýar. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy gurulýar. 2022-nji ýylda Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi açylyp ulanmaga berildi. Bularyň ählisi elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport edýän hem-de ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýurt hökmünde Türkmenistanyň dünýädäki ornuny has-da pugtalandyrýar.
Häzirki zaman binalarynyň — energetika enjamlaryny abatlamak we olara hyzmat etmek boýunça merkezleriň, «ýaşyl» generator stansiýalarynyň hem-de beýlekileriň şekil taslamalarydyr çyzgylary ýakyn geljekde türkmen energetikasynyň ösdürilmeginiň ugurlaryny synlamaga şert döredýär.
Şeýle-de sergide gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň — Gün panelleriniň, ýel generatorlarynyň önümçiligi babatda milli işläp taýýarlamalar görkezildi.
Ýurdumyzyň hususy kärhanalary halkara hil ölçeglerine kybap gelýän gurluşyk serişdeleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligini ýola goýýarlar. Munuň şeýledigini «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň, «Berk önüm» we «Ak hünji» hususy kärhanalarynyň diwarlyklary hem aýdyň görkezýär. Bu hususy kärhanalarda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümler öndürilip, olara diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýurtlarynda-da uly isleg bildirilýär. Şeýle önümleriň hatarynda turbalar, kabeller, asma petikler, penjireler we gapylar üçin profiller, jemagat hojalygynda we gurluşyklarda giňden peýdalanylýan polietilenden, polipropilenden, poliwinilhloridden taýýarlanylan beýleki önümler bar.
Serginiň çäklerinde milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň üstünlikleriniň mahabat-tanyşdyrylyş çäreleri guraldy. Ýurdumyzyň ekologiýa syýasatyna, şäher gurluşygyna, şeýle hem nebitgaz toplumynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerine we geljekki ösüş maksatnamalaryna bagyşlanan «tegelek stol» maslahatlary geçirildi.
Sergi öz işini şu gün — 21-nji sentýabrda hem dowam edýär. Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşurylar.
Birža söwdalarynda Türkiýä we Owganystana awtobenzin hem-de dizel ýangyjy satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi
14-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmen paýtagtynda Halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi
6-7-nji awgustda Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi we onuň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Bu ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we YHG-nyň Baş sekretary köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen geçiren duşuşygynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Garabogaz — ýurdumyzyň himiýa hazynasy
Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly wakasy Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmak babatda hem, täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek babatynda hem örän ähmiýetlidir.