Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek teklibini öňe sürdi
04:52 15.09.2023 6055
Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek teklibini öňe sürdi.
Serdar Berdimuhamedow çykyşynda energetikanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň beýleki bir esasy ugry bolup durýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, häzirki wagtda sebitiň içindäki islegleri kanagatlandyrmaga, şeýle hem halkara üstaşyr geçelgeler arkaly dünýä bazarlaryna çykmaga gönükdirilen durnukly energetika hyzmatdaşlyk üçin syýasy-hukuk we ykdysady şertleri döretmek prosesiniň bolup geçýändigi äşgärdir.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň özüniň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Merkezi Aziýa ýurtlaryna we olaryň çäginiň üsti bilen daşarky bazarlara özara bähbitli şertlerde ibermäge taýýardygyny belledi.
Serdar Berdimuhamedow bu teklibe biziň döwletlerimiziň arasynda uzakmöhletli gatnaşyklary ýola goýmak nukdaýnazaryndan garamak mümkin diýip hasaplaýandygyny nygtady.
«Şunuň bilen baglylykda, bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşini – Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek maksadalaýyk hasaplanylýar» diýip, Prezident öz çykyşynda aýtdy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.