Daşary ýurt gämileri Türkmenbaşynyň portunda dizel ýangyjyny guýduryp bilerler

12:31 17.08.2023 10130

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/8423/original-164ddd9191454a.png

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna girýän daşary ýurt gämilerine dizel ýangyjyny guýup bermek hyzmatyny hödürleýär. Bu barada flotuň saýtynda habar berilýär.

«Hyzmatlaryň hatarynda diňe bir Türkmenbaşynyň portunda däl, eýsem, gönüden-göni reýdde (№ 78) gämi ýangyjynyň bunkerlemesi hödürlenilýär. Bu bolsa gämilere bunkerlemeden soň ýoluny dowam etmäge mümkinçilik berip, ýola sarp edýän wagtyny ep-esli tygşytlamaga mümkinçilik berýär» - diýlip, habarda aýdylýar.

Şeýle hem habar berlişi ýaly, bunkerlemäni «Serpaý» tirkegi amala aşyrýar. Ol ýangyçdan başga-da, daşary ýurt gämilerini arassalanan agyz suwy we iýmit önümleri bilen üpjün edip bilýär.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.


1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.