«Hazar deňzi – parahatçylyk we dostluk deňzi» atly maslahat öz işini tamamlady

13:57 15.08.2023 9147

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/8394/original-164db25e77eb3d.jpg

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp kenarýakasynda şanly sene – Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde ylmy-amaly maslahat, sergi, sport ýaşlary, döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem welaýatyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Myhmanhananyň eýwanynda ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda ýeten sepgitlerini görkezýän sergi maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýere ýygnananlar Hazar goraghanasynyň tebigat muzeýiniň, Türkmenbaşy şäheriniň muzeýiniň deňiz jandarlarynyň we guşlaryň ajaýyp hem-de täsin dünýäsini beýan edýän gymmatlyklary bilen tanyşdylar.

Foruma gatnaşyjylar Hazar deňziniň durnukly ösüşiniň tebigy ekoulgamyň daşky gurşawyň durnuklylygyny kepillendirýän derejesine çenli yzygiderli ýetirmegiň Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň bilelikdäki tagallalary netijesinde mümkinçiligi barada bir pikiri beýan etdiler.

Foruma gatnaşyjylar onuň netijelerini jemläp, Hazar deňzi sebitinde parahatçylygy, hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy saklamagyň möhümdigi barada gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň garaýyşlarynyň birdigini nygtap, Hazaryň ygtybarly ekologiýa goraglylygyny üpjün etmek hem-de onuň umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän kuwwatyny ösdürmek işinde halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda pikirlerini beýan etdiler.

«Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, maslahatyň geçirilmegi üçin döredilen ajaýyp şertler, tebigaty goramak çärelerine berýän ünsi hem-de tebigatdan oýlanyşykly peýdalanylmagyny üpjün etmek, Hazaryň daşky gurşawyny netijeli goramak maksady bilen, ekologiýa ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Günüň ikinji ýarymynda «Daýanç» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda amaly-haşam sungaty we deňiz serişdelerinden taýýarlanylan bezeg işleri boýunça iň gowy eserleri döreden çagalara sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi. Şol işlerde mähriban tebigatyň, Hazaryň deňiz giňişlikleriniň gözelligi hem-de onuň goýnunda mesgen tutan, ynsanyň goragyna mätäç jandarlaryň gaýtalanmajak dünýäsi beýan edilýär.

Balkan welaýatynyň döwlet drama teatrynyň artistleriniň, deňiz ýakasynyň çagalar döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen konsert baýramçylyk agşamynyň ajaýyp jemlenmesi boldy. Milli tanslar we Hazarýaka ýurtlaryň halklarynyň aýdymlary onuň maksatnamasynyň esasyny düzdi.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.


1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.