Kalplara ornan gözellik
17:55 14.08.2023 5588
Şeýle at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň mejlisler zalynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mähriban enelerimiziň miras goýan nepis we inçe sungatyny öwrenmek, ösdürmek hem-de kämilleşdirmek, çeper el hünäriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan geçirilen çärä ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri, nurana ýüzli gelin-gyzlarymyzdyr mähriban eneler gatnaşdylar.
Belläp geçsek, ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Ogulabat ejäniň elinden çykan nepis alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat berdi. Bular barada şatlykly waka mynasybetli guralan wagyz-nesihat çäresinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň hünärmeni Orazgül Ýazmyradowa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Geofizika bölüminiň uly ylmy işgäri Jennet Jumahanowa öz çykyşlarynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Ogulabat ejäniň çeper elinden çykan, uly mähir, yhlas siňdirip ören nepis alajalary hem-de olary örmek üçin ulanan iş guraly muzeýiň gaznasyndaky gymmatlyklaryň üstüni ýetirmek bilen, gelin-gyzlarymyzyň zehin başarnygyndan döreýän çeper el işlerine bolan uly hormaty alamatlandyrdy. Onuň yhlas siňdirip ýerine ýetiren el işleri gelin-gyzlara nusgalykdyr. Şeýle hem 2021-nji ýylyň ýazynda gowşurylan Ogulabat ejäniň baldyzy üçin bejeren kürtesi hem muzeýiň naýbaşy gymmatlyklarynyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda alaja hakynda bellenilip geçilýär. Milli Liderimiz alajanyň ylahy güýje eýedigini, käbesiniň ören alajasyna gözi düşende mähriban käbesiniň elleriniň ýylysyny, mährini duýýandygyny nygtaýar. Türkmen halkynyň milli mirasyna, medeniýetine, saz sungatyna uly hormat goýulýar. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleriniň girizilmegi munuň aýdyň beýanydyr. Bular dogrusynda wagyz-nesihat ýygnagynyň dowamynda joşgun bilen bellenildi.
Guramaçylykly geçirilen çärede «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowanyň, «Galkynyş» folklor toparynyň joşgunly aýdymlary belentden ýaňlandy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.