Türkmenistan we Singapur birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýe — DIM

13:49 28.07.2023 10241

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/8256/original-164c35c6494071.jpg

Türkmenistan we Singapur dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Bu barada Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Seul ş.) B.Durdiýewiň Singapur Respublikasynyň Prezidenti  Halime Ýakoba ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynda geçirilen duşuşykda aýdyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda Singapur Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamlaryny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi hem-de türkmen-singapur gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça gyzyklanma bildirdi diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň habarynda aýdylýar.

Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan bilen Singapuryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, maliýe, lukmançylyk, gaýtadan işleýän senagat, maglumat tehnologiýalary, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, şähergurluşyk we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriniň bardygy tassyklanyldy. 

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.


1671216c9aec8c.jpg
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi

Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.